“Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli çäresi geçirildi.

01 sentýabr 2026 sagat 09:00 201 görülme

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde “Bilimler  we talyp ýaşlar güni”mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda meýilnama laýyklykda  mekdebiň mejlisler zalynda mugallymlaryň we I ýyl talyplaryň gatnaşmagynda Gahryman zenan, ussat lukman Saçly Dursunowanyň ömür döredijiligi bilen tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji jaň sesiniň ýaňlanmagy bilen talyplaryň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”  ýyly atly ilkinji okuw sapagy geçirildi.