“Gyz edebi-il edebi”atly bilen “Talyp gözeli -2026 ”

20 fewral 2026 sagat 14:00 13 görülme

«Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistan - bedew batly at-myradyñ mekany» ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy we Halkara Zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ, Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniñ, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Merkezi Geñeşiniñ we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniñ bilelikde gurnamagynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Gyz edebi-il edebi» ady bilen «Talyp gözeli-2026» edebi-döredijilik bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Baş baýraga mekdebimiziň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 105-nji toparyň talyby Agabaýewa Näzli Töräýewna, 1-nji orna mekdebimiziň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 106-njy toparynyň talyby Parahadowa Aýnabat, 2-nji orna mekdebimiziň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 102-nji toparynyň talyby Orazmyradowa Tumar, 3-nji orna bolsa mekdebimiziň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 103-nji toparynyň talyby Saparowa Altynnabat Parahadowna mynasyp boldylar. Ýer alan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.