
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ikinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň gahrymançylyklary ýurdumyza abraý, dereje, mertebe getiren mertliklerden nyşandyr. Hut şonuň üçin-de, bu uruşda görkezilen gahrymançylyk, edermenlik milletiň hakydasynda baky orun tutdy. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwiniň bilelikde gurnamagynda «Zenan wepadarlygy – Watan buýsanjy» atly maslahat geçirildi.

