Biz barada

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýurdumyzda milli saglyk ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde hünärine ezber saglygy goraýyş işgärlerini kemala getirmek wezipesine ýokary ähmiýet berilýär. Arkadag şäherinde gurulan saglygy goraýyş edaralaryny orta hünär bilimli işgärler bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen bilim edarasyny döretmek baradaky başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýan edendigi mälimdir. Lukman Arkadagymyzyň elmydama halkyň saglygyny goramak, milli saglyk ulgamyny ösdürmek barada taýsyz tagallalary edýändigini ýeri gelende buýsanç bilen bellemek örän ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň fewralynda lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen zenan lukman Saçly Dursunowanyň ady dakyldy. Saçly Dursunowa «lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty» we «lukmançylyk ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejeleriniň eýesidir. Ömrüni mähriban halkyna we Watanyna bagyşlan merdana türkmen zenanynyň zähmet ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Lukmançylyk ýörite orta mekdepde alym-lukman, birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesi, frontçy, harby lukman Saçly Dursunowanyň ýeňil bolmadyk durmuş we zähmet ýoly, ylmy işi baradaky dokumental materiallar jemlenen muzeý hem döredilen.  

Täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň düzümi esasy bina, sport meýdançalaryndan, dynç alyş zolaklary hem-de ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr. Okuw otaglarynda saýlanyp alnan hünäriň we binýatlaýyn lukmançylyk ylymlarynyň — biologiýanyň, anatomiýanyň hem-de fiziologiýanyň esaslaryny çuňlaşdyryp öwrenmäge ähli döwrebap şertler döredilen. Umumy sapak otaglary, tejribe sapaklaryny geçmek üçin niýetlenen barlaghanalar häzirki zaman multimediýa we innowasion enjamlar bilen üpjün edilen. Bu ýerdäki bilimleriň çeşmesi bolan kitaplary özünde jemleýän elektron kitaphananyň gaznasynda ýerleşdirilen köp sanly ýörite okuw we okuw-usulyýet kitaplary bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-barlag işleri hem-de monografiýalary mugallymlardyr talyplara möhüm gollanma bolup hyzmat eder.


Mekdebiň otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman interaktiw tagtalarynyň kömegi arkaly sapaklary innowasion usulynda geçirmek üçin giň şertler döredilendir. Wideosapaklaryň kömegi bilen Türkmenistanyň baý tebigatyna gaýybana syýahat etmek, dermanlyk ösümlikleri, olaryň gurluşyny, ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek mümkinçilikleri bar. Simulýasiýa otaglarynda ornaşdyrylan enjamlar arkaly talyplaryň sanjymlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmegi, arterial gan basyşyny ölçemegi, ýürek we dem alyş ulgamlarynyň reanimasiýa çärelerini geçirmek arkaly ilkinji lukmançylyk kömegini bermek usullaryny öwrenmegi, olar üçin netijeli tejribe okuwydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bolsa, bu ugurda iň gowy gollanmadyr.

Salgymyz:

Arkadag  şäheri, Arkadag  şaýoly, jaý 22.

Telefon belgiler:
+9912-57-20-21